Türkmenistanyň demir ýol pudagy ösdürilýär
Kategoriýa: Habarlar

Russiýanyň Senagat we Söwda ministrliginiň fewral aýynyň başynda neşir eden daşary ýurt kompaniýalarynyň Russiýa Federasiýasyndan önümleri satyn almak üçin beren arzalarynyň sanawyna Türkmenistanyň «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan edilen sargytlar hem girizilipdir. Bu sargytlar wagondan, ýarym wagondan, nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen wagondan we konteýner daşamak üçin enjamlardan ybaratdyr.

Geçen ýylyň güýzünde Russiýanyň «Transmaşholding» paýdarlar jemgyýeti «Türkmendemiryollary» agentliginniň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine TEP70BS kysymly ýolagçy teplowozynyň, şeýle-de 2TE25KM kysymly ýük teplowozynyň gowşurdy.

Rus ýük wagonlary üçin täze sargytlar Türkmenistanyň ulag mümkinçiliginiň ösýändigine we ýurdumyzyň üstaşyr ýük gatnawynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygy belledi.

Özüniň çäk taýdan amatly ýerleşiş ýagdaýyny netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda demir ýol ulaglary düzüminiň toplumlaýyn ösdürilmegine we pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.