DÜNÝÄDE ILKINJI HYPERLOOP HYTAÝDA BOLAR
Kategoriýa: Habarlar

Hytaýyň meýillerine görä, 2035-nji ýylda Guançžou bilen Şanhaý şäherleriniň arasynda hyperloop ýokary tizlikli otly ýoly gurlar. Hytaýyň inžener akademiýasynyň we demirýol ministrliginiň ýolbaşçylary bu şäherleri saýlamak üçin birnäçe maslahat geçiripdirler.

Ýokary tizlikli hyperloop otlusynyň bu şäherleriň arasynda hereket etmegi iki şäheriň hem ýurduň iri ykdysady merkezidigi bilen düşündirilýär. Bu otly iki şäheriň aralygynda, 175 km aralygy 15 minutda geçmäge ukyply bolar. Otlynyň 1000 km/sag tizlik bilen hereket etjekdigi nygtalýar. 

Hytaý otlynyň üstündäki tejribä geçen ýyl başlapdy. Şonda wakuuma golaý ýagdaýda goýberilen ulag 130 km/sag tizlik bilen hereket edipdi. Şeýlelik-de, tejribäniň we gurluşygyň üstünlikli jemlenmegi Hytaýy hyperloop ulgamyny durmuşa geçiren ilkinji ýurda öwrer.