TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XXII KÖPUGURLY HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Kategoriýa: Habarlar

Şu gün — 24-nji maýda türkmen paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.

Nobatdaky sergä ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän, ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler.

Bu ulgamlaryň ösüş depginleri wideoşekillerde, desgalaryň kiçeldilen nusgalarynda, çaphana önümlerinde — surat toplumlarynda, ýörite kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Söwda-senagat edarasynyň giň sergi bölümlerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi: aýdym-sazlar ýaňlanýar, halk tanslary ýerine ýetirilýär, milli lybasdaky gyzlar gelýänlere duz-tagam hödürleýärler.

Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — «Bouygues Turkmen», «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Ticaret», «Altkom», «Ýol gurluşygy», «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat, kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň hem-de beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.