Häzirki wagtda dünýäniň iň iri awtomobil bazary ABŞ bilen birlikde Hytaýdadyr. «Greenpeace» jemgyýetçilik guramasynyň (ekologiýa) maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Hytaý döwletinde adaty benzin we dizel ýangyjynda işleýän ulaglaryň bazary kem-kem azalýar. Onuň sebäbi hem ýurduň ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin elektromobillere geçýändigi bilen düşündirilýär.
Bu ýagdaý, esasan, elektromobil önümçiligi bilen meşgullanýan Hytaý awtoöndürijileri üçin örän gowy täzelik. Şol bir wagtyň özünde ýurduň bazarynda «agalyk» edýän halkara şereketler — «Volkswagen», «General Motors», «Honda», «Toyota», «BMW» we «Mercedes-Benz» uly ýitgiler çekerler. Çünki olaryň elektromobil önümçiliginiň möçberi ýerli kompaniýalar bilen deňeşip bilmeýär.
2030-njy ýyla çenli «Volkswagen»-iň (HHR-de iň köp awtomobil satýan kompaniýa) hytaý bazaryndaky orny 3-7 göterim azalyp, 6-10 göterime deň bolar. Bu ýagdaý nemes kompaniýasynyň elektromobil önümçiligine giç başlandygy bilen düşündirilýär. «GM» kompaniýasy bolsa gymmatly Hytaý bazarynyň 3-6, «Honda» 2-4, «Toyota» 1-3, «BMW» we «Mercedes-Benz» bolsa 0,5-1,5 göterimini Hytaý awtoöndürijilerine aldyrarlar.
Maglumatlara görä, HHR-de elektromobillere geçmek tapgyry tiz ýagdaýda bolup geçýär. 2022-nji ýylda Hytaýda elektromobilleriň görkezijisi 8 göterime deň bolan bolsa, 2023-nji ýylyň I çärýeginde elektromobiller ýurduň awtoulaglar bazarynyň 31 göterimini eýeläpdirler. Hytaýdaky elektromobil bazarynyň 80 göterimi bolsa ýerli öndürijilere degişlidir.
«Greenpeace» guramasynyň hasabatynda nygtalyşy, dizel we benzin awtomobilleriniň eýýamy ahyrlanyp barýar.