Türkmenistanyň Türkmenabat, Mary hem-de Aşgabat şäherleri «Dostluk kerweni» ady bilen geçiriljek halkara awtoulag ýörişiň esasy duralgalarynyň hataryna girýär. Ýöriş 24-nji aprel – 10-njy maý aralygynda geçirilip, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň hem-de Ermenistanyň çäklerinden çäklerinden geçerler. Bu ýöriş Ýol gurluşykçylaryň hökümetara geňeşi tarapyndan taryhda altynjy gezek geçirilýär ― diýip, Täjigistanyň ulag ministrligi habar berýär.
Ýöriş Duşanbe (Täjigistan) şäherinde badalga alyp, Ýerwean (Ermenistan) şäherinde tamamlanar. Awtoýörişiň umumy uzynlygy 4 müň kilometre barabar.
Halkara awtoulag ýörişiniň çäginde Duşanbe, Samarkand, Aşgabat, Tähran we Ýerewan şäherlerinde bäş sany halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Şeýle hem ýollaryň we köprüleriň gurluşygy, ýollarda hereket howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly dürli duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, awtoýörişe gatnaşyjylar awtoulag kerweniniň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň däp-dessurlary bilen tanyşarlar.
Halkara awtoulag ýörişiniň dowamynda oňa gatnaşyjylara kuboklar, medallar, diplomlar, şahadatnamalar, şeýle hem Halkara awtoulag geňeşiniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik, senagat guramalarynyň baýraklary gowşurylar.