Şu gün — 30-njy martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 10 wekilinden ybarat topar Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde «Demir ýol logistikasy: Ösüşiň möhüm ugurlary» ady bilen geçirilen halkara maslahata gatnaşdy.
Belarus Respublikasynyň Demir ýol edarasy tarapyndan guralan halkara maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň we logistik-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň barşynda gatnaşyjy döwletleriň arasynda demir ýol gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň çäginde demir ýollar arkaly ýük daşalyşyny artdyrmak, täze demir ýol geçelgelerini işjeňleşdirmek we sanlylaşdyrmak boýunça özara pikir alyşdylar. Degişli ugurda belarus ýüklerini daşamakda üstaşyr geçirýän ýurtlaryň hödürleýän ýeňillikleri giňişleýin tanyşdyryldy.
Halkara maslahatda bellenişine görä, dünýäde döreýän global ýagdaýlar ýükleriň üstaşyr geçirilişi we täze ulag ugurlarynyň işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça belarus ýükleriniň üstaşyr geçirilýän möçberiniň geçen ýylda artmagy täze logistik çözgütleriň dogry saýlanyp alnandygyny görkezýär. Halkara maslahatda belarus tarapynyň degişli gyzyklanma bildirýän demir ýol edaralary we logistika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge açykdygy bellendi.
Halkara maslahatyň ahyrynda degişli döwletleriň logistika kompaniýalarynyň arasynda özara işewürlik duşuşyklary geçirildi.