Kategoriýa: Habarlar
15-nji maýdan Şotlandiýada sürüjisiz awtobuslar hereket edip başlar. Edinburg şäheriniň eteginde hereket etjek sürüjisiz awtobuslaryň sany 5-e ýetýär. Olar hepdäniň dowamynda 10 müň adama hyzmat etmäge ukyply bolar.
Awtobuslaryň «Stagecoach» kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýandygy, olaryň 80 km/sag tizlik bilen hereket etjekdigi nygtalýar. Ilki-ilkiler howpsuzlygy üpjün etmek üçin kompaniýanyň iki sany hünärmeniniň awtobuslarda boljakdygy nygtalýar. Awtobuslaryň üstünlikli hereket etmegi sürüjisiz ulaglaryň ulgamynyň giňemegine mümkinçilik berer.