Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap merkezinden geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin niýetlenen täze döwrebap köpriniň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan çäreler bilen utgaşdy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen dabarada edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu täze ulag desgasy ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwrüň ösen talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyklykda gaýtadan dikeltmek babatdaky beýik tutumlarynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär. Täze köpriniň gurluşyk işleri welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy esasynda awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň köpri gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Köprä asfalt düşemek işlerini «Balkanýolgurluşyk» müdirliginiň we yşyklandyryş sütünleri bilen üpjün etmek işlerini bolsa «Balkanenergogurluşyk» dolandyryş edarasynyň hünärmenleri alyp bardylar.
Bu kňpri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna deňiz ulaglary arkaly getirilýän dürli halk hojalyk ýüklerini bellenilen ýerlere awtoulaglar arkaly bökdençsiz daşamak işlerinde täze mümkinçilikleri döredýär. Ikitaraplaýyn gatnawly köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, her tarapdan bir wagtda ulaglar üç hatar boýunça hereket edip bilerler. Köprüniň her gapdalyndaky ini iki metr bolan ýanýodalar pyýadalaryň howpsuz hereket etmekleri çüin şert döredýär.
Täze desganyň açylyş dabarasynda welaýatyň aýdym-saz, tans, halk döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlaryna hem uly orun berildi.