Türkmenistan bilen “Kamaz” Aşgabat-siti üçin synag elektrobuslary almagy maslahatlaşdy
Kategoriýa: Habarlar

2022-nji ýylda synag geçirmek maksatly elektrobuslary satyn almak bilen bagly Türkmenistanyň we “Kamaz” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, nangs.org saýty kompaniýanyň Baş direktory Sergeý Kogogine salgylanyp habar berýär.

Ol bu barada: “Biz Türkmenistanda guruljak döwrebap Aşgabat-siti şäheri üçin synag ulaglaryny ibermegi meýilleşdirýäris – diýip belläp geçýär.

Kogogin “Kamaz” elektrobuslaryna arap döwletleriniň hem uly isleg bildirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda bu tehnikalaryň Pars aýlagyna eltilmegi hem maslahatlaşylýar.

Elektrobuslar iki asinhronly elektrik motor bilen üpjün edilen. On iň ýokarky tirligi 70km/s. Üç sany ýolgörkezijiler öňinde, sag tarapynda, yzynda ýerleşýar. Elektrobuslar 2 osly bolup, yzky tigirleri ýörediji. 

Elektrobuslar girip-çykmak üçin 3 gapy bilen üpçün edilen. 33 sany oturylýan ýeri bar. Ortaky gapysynda ýatyrylýan rampa, hem içinde maýyplar üçin ýer bar 

Russiýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Kamaz” dünýäde ýük awtoulaglaryny öndürýän kärhanalaryň öňdebaryjy 20-ligine girýär. Kompaniýada ýük awtoulaglary, tirkegler, awtobuslar, hereketlendirijiler we güýç agregatlary öndürilýär.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ýurda “Kamaz” awtoulaglarynyň 11 000-den gowragy satyn alnyp, şolaryň 2 müňüsi soňky üç ýylda getirilen ulaglardyr.

Noýabr aýynda Türkmenbaşy şäherinde “Kamaz” okuw-hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanylmaga berlendigini ýatlap geçmek bolar.