Türkmenistanda agyz-burun örtügi diňe ulaglarda we ýapyk binalarda talap ediler
Kategoriýa: Habarlar

Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtükleri aýrylar.

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky teklibi makullady diýip, Türkmenistanyň resmi mediýasy habar berýär.

Wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew tarapyndan berlen teklibi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri taýýarladylar.

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy wezipesini hem ýerine ýetirýän Sapardurdy Toýlyýewiň öz hasabatynda bellemegine görä, dünýäde pandemiýa ýagdaýlarynyň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarlary düýpli öwrenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýädäki pandemiýa boýunça zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly ýurtda bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň hem wajypdygyny nygtady.