Türkmenistanda ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak meselesi öwreniler
Kategoriýa: Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şenbe güni Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine amala aşyran iş saparynda Arkadag şäherinden Aşgabada we Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow demirýollaryň gurluşygynda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidigini nygtady.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demirýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini aýtdy.

“Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demirýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna, döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.