ULY ÄDIM — MEŞHUR ULAGYŇ TÄZE NESLI TANYŞDYRYLDY
Kategoriýa: Habarlar

Meşhur nemes awtoöndürijisi «Volkswagen» «Atlas» we «Atlas Cross Sport» ulaglarynyň täze nesli bilen tanyşdyrdy. Bu krossowerleriň esasy görkezijileri täzelenipdir.

Täzelenen ulaglaryň içki dizaýny düýpli özgerdilipdir. Onda has kämil tehnologiýalaryň we ýokary hilli materiallaryň ulanylandygy bellenýär. Ulag diodly inçe çyralaryň we ýagty saçýan VW belgisiniň sazlaşygy bilen has gözelleşipdir. Täze gözenekler we innowasion çyralar bolsa ulaga «haýbatly» görnüş berýär.

Ulagyň oturgyçlaryny şemalladyş ulgamy hem awtomobiliň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ol awtomobiliň howasyny arassalap, sürüjiniň özüni oňaýly duýmagyna mümkinçilik berýär. 10,25 dýuýmly «Digital Cockpit Pro» «akylly» ekrany bilen 12 dýuýmlyk multimediýa ekrany bolsa krossoweri ygtybarly dolandyrmaga we şol bir wagtyň özünde dynç almaga mümkinçilik berýär.

Ulagy ygtybarly dolandyrmak üçin täze goşmaçalaryň biri hem Stop-and-Go funksiýasy bolan kruiz-kontroldyr. Bu ulgam maşynyň öňündäki ulagyň hereketine görä saklanmagyna we birki sekuntdan täzeden hereket etmegine mümkinçilik berýär.

Krossowerlerde öňki iki hereketlendirijä derek 269 at güýçli, 2 litrlik turboüfleýji hereketlendiriji ornaşdyrylypdyr. Ol ulagyň kuwwatlylygyny we tygşytlylygyny üpjün edýär.

Bu ulaglaryň «Terramont» ady bilen hem satylýandygyny ýatladýarys.