ULAG SERIŞDELERINI DOLANDYRMAGA HUKUK ALMAK ÜÇIN HÜNÄR SYNAGLARYNY GEÇIRMEGIŇ TERTIBINE NÄHILI GOŞMAÇALAR GIRIZILDI?!
Kategoriýa: Habarlar

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine» käbir goşmaçalar girizildi.

Olaryň ilkinjisi çagyryş boýunça harby gullukçylara «C» topara degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň diňe 18 ýaşdan soň berilýänligidir. Bu barada Tertibiň 13-nji böleginde görkezilýär.

Tertibiň 16-njy bölegine laýyklykda mundan beýläk sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglardan üstünlikli geçen raýatlarymyz şahadatnamany edinmek üçin gerekli bolan resminamalaryň hataryna ynanylan wekil tarapyndan berlen ynanç hatyny hem goşmaly bolarlar. Şunda ynanç haty Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzasy bolmadyk ýurtlarda resmileşdirilen bolsa, ol degişli tertipde resmileşdirilen bolmalydyr.

Tertibiň 20-nji bölegine goşulan tesimde polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Bellige alyş we synag birlikleri tarapyndan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlaýan mekdeplerdäki toparlaryň islendik birindäki gatnaşyga, geljekki sürüjileriň okadylyşyna gözegçilik ediljekdigi nygtalýar.